Hoş geldiňiz!

Ulgama gir

PIN BELGINI NÄDIP ALMALY?

Öz telefon belgiňize degişli PIN kody almak üçin, öý telefonyňyzdan 084 belgisine jaň ediň we Size berlen PIN belgisini giriziň.

PIN BELGINI UNUTDYM?

Öz telefonyňyza degişli PIN belgisini unudan ýagdaýyňyzda, täzeden öý telefonyňyzdan 084 belgisine aýlaň we Size täze PIN belgisi berler.

www.agts.tv - web sahypasyndaky «Şahsy otag» hyzmatyndan peýdalanmagyň aýratynlyklary

Internet, ýagny bütindünýä kompýuter torynyň örän uly gerime eýe bolmagy bilen bu ulgam arkaly adamyň gündeki we adaty hyzmatlardan peýdalanmagy has amatlaşdyrylan häsiýete eýe boldy. Öňler belli bir hyzmatlardan peýdalanmaga ýa-da ol hyzmatlara üýtgetmeler girizmegi isleg bildirýän potensial müşderi gerekli bolan kagyz görnüşindäki resminamalaryny jemläp, şäher içindäki hyzmat ediş nokatlaryna baryp, nobata durup we ol ýerde hem gerekli kagyz görnüşleri dolduryp, şertnama baglaşmak arkaly aňsat bolmadyk hem-de köp wagty talap edýän ýol bilen hereket etmeli bolýardy. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Döwlet adam üçindir» diýen belent şygaryndan ugur alyp hem-de ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetini ösdürmek bilen bagly bolan çäreleriň çäklerinde, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-ti tarapyndan hödür edilýän hyzmatlardan peýdalanmakda müşderi üçin mümkin bolan ähli oňaýlyklary we amatlyklary döretmek, bu jemgyýet tarapyndan ileri tutulýan wezipeleriň biri bolup durýar.

Kärhananyň internet ulgamynda www.agts.tv resmi web sahypasy ýöredilýär we onda müşderi üçin gyzyklanma bildirjek ähli maglumatlar, şol sanda AŞTU jemgyýeti barada, hyzmatlaryň görnüşleri, nyrh meýilnamalar, ulanyjy üçin gollanmalar, köp soralýan soraglar we olaryň jogaplary, täzelikler ýerleşdirilen.

Şeýle hem, www.agts.tv web sahypasynyň my.agts.tv bölüminde her bir müşderi üçin «Şahsy otag» hyzmaty işledilýär.

«Şahsy otag» hyzmaty bu näme, ondan nähili peýdalanmaly we onuň aýratynlyklary nämeden ybarat? Şu soraglar babatynda şeýle maglumatlary bilmek zerur.

«Şahsy otag» bu müşderi üçin kärhananyň resmi web sahypasy bilen gönüden göni interaktiw görnüşinde aragatnaşygy saklamaklyga mümkinçilik berýän Internet bölümi bolup durýar. 

Müşderi hyzmat ediş nokatlaryna barmazdan, Internet ulgamy bar bolan islendik ýerden kompýuter ýa-da smartfon arkaly hyzmatlardan peýdalanmagy özbaşdak dolandyryp bilýär. 

Häzirki wagtda «Şahsy otag» hyzmaty diňe öý telefonlary üçin elýeterlidir.

«Şahsy otag» hyzmatyndan peýdalanmaklygy ýola goýmak örän aňsatdyr. Bu maksat üçin esasy gural, bu müşderiniň adyna resmi duran öý telefon belgisi – xx xx xx. Müşderi özüne degişli bolan öý telefon belgisinden «084» belgini aýlap 4 sandan ybarat bolan şahsy PIN kodyny almaly we ýatda saklamaly. Bu PIN kod siziň «Şahsy otaga» girmek üçin ulanjak wirtual açaryňyz bolup durýar. Soňra kompýuterden ýa-da smartfondan my.agts.tv internet platformasyna girmeli we sahypadaky «Hoş geldiňiz» - öý telefon belgiňiz +993 12 _ _ _ _ _ _ meýdanyň boş penjirelerine 6 sandan ybarat bolan öý telefon belgiňizi girizmeli. Onuň aşagyndaky PIN diýip ýazylan meýdança 4 sandan ybarat bolan PIN kodyňyzy girizmeli.

Häzirki wagtda bütin dünýä boýunça kiberhowupsyzlyk meselesine aýratyn üns berilmegi bilen, siziň telefon belgiňizdäki «Şahsy otagda» bar bolan maglumatlaryň gizlinligi belli bir derejede üpjün edilýär. Meselem «Şahsy otaga» başga bir kompýuterden ýa-da robot tarapyndan girmekligiň öňüni almak maksady bilen, «Captcha» diýip ýazylan meýdança ýokarsynda görkezilen matematik amalyň netijesini girizmeli.

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-niň hünärmenleri müşderilere Internet arkaly online hyzmatlaryny hödür etmek üçin ganaylan netijeler bilen çäklenmän, ýakyn gelejekde «Şahsy otag» platformasy arkaly şu mümkinçilikleri hem girizmekligi meýilleşdirýärler:

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-niň www.agts.tv resmi Internet web sahypasynyň my.agts.tv platformasyndaky «Şahsy otag» hyzmatlaryndan online peýdalanyň.